Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

Erdogan bilen Ramanyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe-Albaniýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty geçirler

2104535
Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Türkiýä geldi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, saparyň çäginde, Erdogan bilen Ramanyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe-Albaniýa Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahaty geçirler.

Geňeşiň maslahatynda, Türkiýe bilen Albaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar we hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin durmuşa geçiriljek işler seljerler.

NATO agza iki hyzmatdaş ýurduň arasynda geçiriljek gepleşiklerde özara gatnaşyklar bilen birlikde Balkanlaryň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Resmi saparyň çäginde Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy maksady bilen birnäçe şertnama gol çekişilmegine garaşylýar.

 

 



Degişli Habarlar