Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dowam etdirýär

2103788
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Daşary işler ministri Hakan Fidan Germaniýanyň Mýunhen şäherinde Islandiýanyň we Italiýanyň Daşary işler ministrleri bilen aýry-aýry duşuşyklar geçirdi. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Islandiýanyň Daşary işler ministri Býarni Benediktsson bilen geçiren duşuşygynda, NATO-nyň giňelmegi, Ukrainadaky wakalar we Gazadaky ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hakan Fidanyň Italiýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Antonio Tažani bilen geçiren duşuşygynda Türkiye-Ýewropa Bileleşigi (ÝB) gatnaşyklary jikme-jik ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝB bilen agzalyk gepleşiklerinde syýasy päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyna garaşylýandygy bellenen duşuşykda, Türkiyäniň beýleki dalaşgär ýurtlardan tapawutly garalmagynyň kabul edilip bilinmejekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.

Duşuşykda Gazadaky gyrgynçylygy duruzmak üçin ÝB-niň has berk ýüzlenmeler bermelidigi we anyk çäreleri görmelidigi nygtaldy.

Liwiýada başdan geçirilýän wakalaryň hem ara alnyp maslahatlaşylan duşuşykda Liwiýada hemişelik we dowamly parahatçylyk üçin edilip bilinjek bilelikdäki tagallalar seljerildi. 

Daşary işler ministri Hakan Fidan Halkara Jenaýat Kazyýetiniň baş prokurory Kerim Ahmed Han bilen hem duşuşdy.

Diplomatik çeşmelerden alnan maglumata görä, Baş prokuror Kerim Ahmed Han Hakan Fidana Ysraýylyň Gazadaky hereketleri bilen baglanyşykly dowam edýän tapgyr barada maglumat berdi. 

Daşary işler ministri Fidan Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bilen hem duşuşdy.

Fidan kärdeşine Gazada dowam edýän gyrgynçylygy iň gysga wagtda duruzmak üçin çäre görülmeginiň hökmanydygyny aýtdy.

Duşuşykda iki tarap hem Gaza ynsanperwer kömegini bermek üçin has köp tagalla edilmelidigi barada ylalaşyga geldiler we ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar hem ara alyp maslahatlaşdylar. 

Hakan Fidan, şeýle hem, Ukrainanyň Prezident ofisiniň başlygy Andreý Ýermak bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar