MHG Siriýada PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirdi

Ekstremist terror guramasy PKK/PAJK-yň jogapkär ýolbaşçylaryndan "Sorhin Rojhilat" adyny ulanýan Fatma Sakana atly terrorçy, Siriýanyň Kamyşly şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirildi

2103204
MHG Siriýada PKK-a garşy möhüm operasiýa geçirdi

2006-njy ýylda Eýranda ekstremist terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulan Fatma Sakana, 2010-2012-nji ýyllar aralygynda Şyrnak welaýatynda iş alyp bardy. 

Ekstremist terror guramasynyň 2012-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda 10 esgeriň şehit edilen hüjümiň jogapkärleriniň biri bolan Fatma Sakana, ondan soň bolsa Siriýada we Yrakda guramanyň jogapkär ýolbaşçylaryň arasyna goşuldy. 

Soňky gezek bolsa Siriýanyň Kamyşly şäherindedigi anyklanan ekstremist terror guramasynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň biri bolan Fatma Sakana, Milli howpsuzlyk gullugynyň möhüm operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar