Kurtulmuş Gruziýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Gruziýanyň Daşary işler ministri İlia Darçiaşwilini kabul etdi.

2103032
Kurtulmuş Gruziýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

Mejlisde bolan duşuşykda Türkiýe-Gruziýa gatnaşyklarynyň ýany bilen bar bolan sebitleýin we halkara mesleler hakynda pikir alyşyldy.

İki ýurduň halklarynyň arasynda gadymy dostlugyň bardygyny beýan eden Kurtulmuş, Gruziýanyň Dşaary işler ministri Darçiaşwili bilen gruzin wekiliýetini Mejlisde kabul etmegine kanagatlanma bildirdi.

Kurtulmuş sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy goramagyň ähmiýetine hem ünsleri çekdi.

Gruziýa bilen özara gataşyklary parlamentar derejede-de ösdürmegi arzuw edýändiklerini nygtan Numan Kurtulmuş, şol çäkde dostluk toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň we saparlaryň peýdaly boljakdygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar