Erdogan KÝB-ä Reaksiýa Bildirdi

Prezident R.T.Erdogan Yrakdaky Kürkistan ýurtsöýerler bileleşigi partiýasynyň terrorizme hemaýat berýändigini aýtdy.

2102808
Erdogan KÝB-ä Reaksiýa Bildirdi

Prezident Erdogan Birleşen Arap Emirliklerine we Müsüre guran resmi saparyndan gaýdyşyn uçarda möhüm beýannama berdi.

Yrakdaky KÝB-niň ekstremist terror guramasy PKK goldawyny dowam etdirýändigini nygtan Erdogan: “Süleýmaniýäniň bu ýaramaz çemeleşmesi boýunça ençeme duýduryş berdik. “Ol ýerde täze, tapawutly käbir toparlary görýäris, olara ýol bermäň, ýogsam ýalňyz galarsyňyz” diýdik. Eýsem Süleýmaniýe elimiziň aşagynda, kowumdaşlarymyzyň ýaşaýan ýeri” diýdi.

“Resmi Erbil bilen terrorizme garşy göreş meselesinde edýan gatnaşyklarymyzy ýokary depginli. Emma Süleýmaniýe, ýagny KÝB, ençeme duýduryşymyza garamazdan terror guramasy PKK/ÝPG/PÝD-ä hemaýatyny gynansagam dowam etdirýär” diýen Erdogan, KÝB bien gepleşiklerde bu meseleleri hem gün tertibine getirendiklerini beýan etdi.

Terrorizme goldaw berýän KÝB-ä reaksiýa bildiren Erdogan; “Hiç kim bizden tapawutly çemeleşmä garaşmasyn, biz degişli gaýtawuly görkezeris. Bu meseläni ünsden düşürmeris. Elimizden gelen başlangyçlary edýäris, ederis. Käbir zatlara geçirimlilik edip bileris, emma mesele gelejegimiz we milli howpsuzlygymyz bolanda geçirimlilik ýapylaryny ýapyp, degişli çäräni göreris. Degişli çäreleri görmekden çekinmeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar