Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär

Türkiyeden Gaza ugradylan derman we lukmançylyk enjamlaryny alyp barýan uçar Müsüriň Al-Ariş howa menziline bardy

2102162
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär

Kaýseri howa menzilinde takmynan 1,5 tonna derman we lukmançylyk esbaplaryň ýüklenen Milli Goranmak ministrliginiň Harby-howa güýçleri serkerdeligine degişli A-400M kysymly uçar, taýarlyklary tamamlananyndan soň, hünärmen lukmanlardan we şepagat uýalaryndan ybarat jemi 12 saglygy goraýyş işgäri bilen birlikde Al-Ariş howa menziline tarap ýola çykdy. 

Takmynan 2 sagatlyk uçuşdan soň Müsüriň howa menziline baran uçardan derman we lukmançylyk enjamlary düşürildi. 

Uçar paýtagt Ankara gaýdan mahaly, Gazaly syrkawlary we çagalary alyp gaýdar. 


Etiketkalar: #Müsür , #Türkiye , #Gaza

Degişli Habarlar