Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerine Gitdi

Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Bütindünýä Hökümetara sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

2101340
Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerine Gitdi

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine gitdi.

Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Bütindünýä Hökümetara sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşar.

Prezident Erdogan, dünýäniň çar tarapyndan geljek döwlet we hökümet baştutanlary bilen halkara guramalaryň, alymlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek sammitde çykyş eder.

Prezident Erdoganyň sammitiň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan bilen birlikde käbir ýurtlaryň liderleri bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar