Türkiye Ysraýylyň Gaza zolagynyň Refah şäherine guraýan hüjümlerine alada bildirýär

Türkiye Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza zolagynyň Refah şäherinde artan hüjümlerine alada bildirýändigini habar berdi

2101205
Türkiye Ysraýylyň Gaza zolagynyň Refah şäherine guraýan hüjümlerine alada bildirýär

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen beýanatda: "Ysraýylyň Gaza zolagynda şu günki güne çenli amala aşyran weýrançylyklaryndan we gyrgynçylyklaryndan soň, Refah şäherine garşy artan hüjümlerine uly alada bildirýäris. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi başda bolmak bilen halkara jemgyýeti Ysraýyly duruzmak üçin zerur bolan ädimleri etmäge çagyrýarys" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar