Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerinde we Müsürde Saparda Bolar

Gazada we basylyp alyşlyk astyndaky Palestinada başdan geçirilýän hüjümler gün tertibine getirler

2100763
Prezident Erdogan, Birleşen Arap Emirliklerinde we Müsürde Saparda Bolar

Prezident R. T. Erdogan, fewral aýynyň 12-13-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde, 14-nji fewralda hem Müsürde saparda bolar.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada, Prezident Erdoganyň, Dubaýda geçiriljek Bütindünýä Hökümetara sammite hormatly myhman hökmünde gatnaşjakdygy, saparynyň çäginde käbir liderler bilen özara duşuşyk geçirjekdigi nygtaldy.

Beýannamada, Prezident Erdoganyň Müsüre gurajak resmi saparynyň çäginde bolsa özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesiniň seljeriljekdigi bellenildi.

Prezident Erdoganyň geçirjek duşuşyklarynda Gazada we basylyp alyşlyk astyndaky Palestinada başdan geçirilýän hüjümler bilen birlikde aktual sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler

 



Degişli Habarlar