Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjümiň jogapkäri tussag edildi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan mesele bilen bagly beýanat berdi

2100681
Adalat we ösüş partiýasynyň saýlawa taýarlyk çäresinde guralan hüjümiň jogapkäri tussag edildi

Stambul şäheriniň Küçükçekmeje etrabynda Adalat we ösüş partiýasynyň etrap häkimi wezipesine dalaşgär agzasy bolan Aziz Ýeniaýyň saýlawa taýarlyk görmek maksady bilen geçiren çäresinde guralan hüjümiň hüjümçisi tussag edildi. 

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan mesele bilen bagly beýanat berdi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy hem bolan Prezident Erdogan partiýasynyň Tekirdag welaýatynda geçiren mitinginde halka ýüzlenip çykyş etdi. 

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Stambul şäheriniň Küçükçekmeje etrabynyň häkimi wezipesine dalaşgär bolan Aziz Ýeniaýyň saýlawa taýarlyk görmek maksady bilen geçiren çäresinde guralan ýaragly hüjüm bilen bagly başladylan derňew işleriniň jikme-jik ýagdaýda dowam etdirilýändigini habar berdi. 

Hüjümçileriň biriniň tussag edilendigini, beýlekisiniň hem tussag ediljekdigine ynanýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiyäniň howpsuz däl gurşawa çekilmegine ýol bermeris" diýip nygtady. 

Düýn Stambul şäheriniň Küçükçekmeje etrabynda Adalat we ösüş partiýasynyň etrap häkimi wezipesine dalaşgär agzasy bolan Aziz Ýeniaýyň saýlawa taýarlyk çäresinde uzyn nilli ýaraglar we sapança bilen ot açylypdy. 

1 adamyň agyr ýagdaýda ýaralanan hüjümden soň polisiýa gullugy, wakanyň jogapkärleriniň tapylmagy üçin operasiýa başladypdy.



Degişli Habarlar