Alper Gezerawjynyň şu gün Dünýä gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär

Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň taryhy älem ýolagçylygyndan yzyna gaýdyp gelmegi ýaramaz howa şertleri sebäpli ozal 2 gezek yza süýşürilipdi

2098667
Alper Gezerawjynyň şu gün Dünýä gaýdyp gelmegi meýilleşdirilýär

Aralarynda Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bolan Dragon älem gamisiniň düzümindäki toparyň şu gün Dünýä gaýdyp gelmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. 

Älem transport kompaniýasy SpaceX älem ýolagçylygy bilen bagly beýanat berdi. 

Axiom-3 (Ax-3) toparynyň Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:05-de Dünýä gaýdyp gelmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. 

Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň taryhy älem ýolagçylygyndan yzyna gaýdyp gelmegi ýaramaz howa şertleri sebäpli ozal 2 gezek yza süýşürilipdi. 



Degişli Habarlar