Erdogan: Ýer Titremelerde Pida Bolanlaryň Gussasy Ilkinji Günündäki Ýaly Ýürekleri Daglaýar

Prezident R.T.Erdogan 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerde pida bolanlaryň gussasynyň ilkinji günündäki ýaly ýürekleri daglaýandygyny beýan etdi.

2098289
Erdogan: Ýer Titremelerde Pida Bolanlaryň Gussasy Ilkinji Günündäki Ýaly Ýürekleri Daglaýar

Erdogan sosial media hasabyndan çap eden ýüzlenmesinde bir ýyl ozal başdanb geçirilen merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinde pida bolan 53,537 adamyň her birine alladan rehnet, ýakynlaryna we türk milletine duýgudaşlyk bildirip; “Adamzat taryhynyň iň gadymy ýaşaýyş merkezleriniň hatarynda durýan 11 welaýatymyzda başdan geçirilen pajyga hakykatdan hem agyrdy. Şeýle betbagtçylyklar, agyr ýitgiler şol bir wagtda milletiň agzybirliginiň, jebisliginiň we doganlygynyň güýjüniň synagdan geçýän öwrülşik nokatlarydyr.

Milletimiz bu gussaly, şonuň ýaly hem taryhy synagy üstünlik bilen geçdi. Döwletimiz ähli mümkinçilikleri bilen dessine işe girişen bolsa, Türkiýe ýek-ýürek, ýek-ýumruk bolup, ýer titremede ejir çeken doganlaryna ylgady, asyryň betbagtçylygyna garşy asyryň jebisligini görkezdi.

Pida bolan raýatlarymyzy patalar, dogalar bilen hatyralap, milletimize beren sözlerimizde tapylmak üçin irginsiz işleýäris.

Bu işleri şäherlerimizi gurup, dikeldýänçäk, öýi ýykylan ýa-da zyýan çeken raýatlarymyzyň ählisi ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilýänçä dowam etdireris. Alla ýurdumyza we milletimize şeýle betbagtçylyklary görkezmesiz, bizi şeýle synaglara mejbur etmesin” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar