Asyryň Betbagtçylygynyň 1-nji Ýyly

Asyryň betbagçylygynyň 1-nji ýylynda ýogalanlar üçin mekdeplerde 1 minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

2097974
Asyryň Betbagtçylygynyň 1-nji Ýyly

Türkiýe “Asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan we 11 welaýata ýaramaz täsirini ýetiren ýer titremesiniň 1-nji ýylynda ýer titremesinde ýogalanlary hatyralaýar.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda sagat 04.17-de 7,2 bal ululygynda, Elbistan etrabynda bolsa sagat 13-24-de 7,6 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy. Ýer titremelerinde 53 müň 537 adam ýogalypdy, 107 müň 213 adam hem ýaralanypdy.

Asyryň betbagçylygynyň 1-nji ýylynda ýogalanlar üçin mekdeplerde 1 minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

Ýurduň çar tarapynda geçirilýän çärelerde, ýer titremelerinde ýogalanlar hatyralanýar hem-de 120 müň inedördül kilometrlik meýdanda 14 million adama ýaramaz täsirini ýetiren apatdan soň alnyp barylýan işler gürrüň berilýär.

 



Degişli Habarlar