Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Ýakyn Gündogaryň iň güýçli goşunyna eýe...
Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Global Firepower saýty tarapyndan geçirilen derňewleriň netijesinde Ýakyn gündogaryň iň güýçli goşunlary belli boldy
2095478
Derňewleriň çäginde ýurtlaryň tehnologiýalary, harby bölümleriň mukdary, maliýe ýagdaýy, logistikalary, hereket we geografiki ýerleşiş ýaly 60-dan gowrak faktor gözden geçirildi.
Şoňa laýyklykda “Global Firepower 2024” iň güýçli goşunlaryň sanawynda Türkiyäniň Ýaragly güýçleri dünýäde 3-nji orunda, Ýakyn Gündogar sebitinde bolsa 1-nji orunda durýar. Ýakyn Gündogar sebitinde ilkinji onluga giren ýurtlaryň goşunlarynyň sanawy:
1- Türkiye
2- Eýran
3- Müsür
4- Ysraýyl
5- Saud Arabystany
6- Yrak
7- BAE
8- Siriýa
9- Katar
10- Kuweýt
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi
Kurtulmuş, Eýranyň Mejlisiň Başlygy Kalibaf bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.