Iş Ýüzüne Geçirilýän Taslamalarda Ýerli we Milli Tehnologiýalar Giňden Peýdalanylar

Prezident R.T.Erdogan haýsy ugurda bolandygyna garamazdan iş ýüzüne geçirilýän her bir taslamada ýerli we milli tehnologiýalaryň paýynyň artdyryljakdygyny aýtdy.

2094690
Iş Ýüzüne Geçirilýän Taslamalarda Ýerli we Milli Tehnologiýalar Giňden Peýdalanylar

Stambul howa menziliniň metrosunyň Kagythane-Gaýrettepe tapgyrynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Prezident Erdogan, Stambulyň ulag-ýol gatnawyny ýeňletjek taslamalardan ýene-de birini iş ýüzüne geçirmegiň bagtyýarlygyny başdan geçirýändiklerini beýan etdi.

Erdogan bu uguruň hem ulanmaga berilmegi bilen Stambulda gurlup gutarylan relýesli ulgamlaryň uzynlygynyň 338,5 kilometre barabar bolandygyny mälim etdi.

Stambul howa menzili metrosunyň ähli tapgyrlaryny ýerli inženerçilik we dizaýn tejribesi bilen iş ýüzüne geçirendiklerine buýsandyklaryny nygtan Erdogan; “Mundanb soň haýsy ugurda bolandygyna garamazdan iş ýüzüne geçiriljek ähli taslamada ýerli we milli tehnologiýalaryň paýynyň artdyrylmagyna üns bereris. Goranyş senagatynyň başda durmagynda tehnologiýa bilen bagly ähli ugurda doly garaşsyz Türkiýe maksadyna ýetilýänçä arma-ýadaman işläris” diýdi.

 



Degişli Habarlar