Ibrahim Kalyn Erbilde Saparda Boldy

Kalyn, Yrak Türkmen frontynyň başlygy Hasan Turan we Kerkuk halk deputaty Erşen Salihi bilen duşuşdy.

2094383
Ibrahim Kalyn Erbilde Saparda Boldy

Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Yrak Türkmen frontynyň başlygy Hasan Turan we Kerkuk halk deputaty Erşen Salihi bilen duşuşdy.

Yragyň Erbil şäherine giden Kalyn, Yragyň Kürdistan Demokrat partiýasynyn başlygy Mesut Barzani we Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Premýer-ministri Mesrur Barzani bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar, özara gatnaşyklar we ekstremist terror guramasy PKK-a garşy göreş meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kalyn geçen hepde Yraga guran saparynyň çäginde Yragyň Prezidenti Abdullatif Raşid we Premýer-ministri Muhammed Şiýa As Sudani bilen birlikde şaýy, sünni toparlaryň wekilleri bilen duşuşypdy.



Degişli Habarlar