“Gahrymanlar-47” Operasiýasy Geçirildi

Mardin, Bitlis, Şyrnak, Batman, Siirt, Tunjeli we Diýarbakyr welaýatlarynda “Gahrymanlar-47” operasiýasy geçirildi

2094523
“Gahrymanlar-47” Operasiýasy Geçirildi

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy 7 welaýatda “Gahrymanlar-47” operasiýasy geçirildi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, Mardin, Bitlis, Şyrnak, Batman, Siirt, Tunjeli we Diýarbakyr welaýatlarynda “Gahrymanlar-47” operasiýasynyň geçirlendigini habar berdi.

Terror guramasy PKK-nyň gyşky aksiýalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirlen operasiýa 1174 hünärmeniň, ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň we ATAK dikuçarlarynyň gatnaşandygyny aýdan Ministr Ýerlikaýa, operasiýada 28 gaçybatalganyň hatardan çykaryldygyny, dürli görnüşli ýaraglar bilen birlikde 159 kilogramlyk partlaýjy maddasynyň ele geçirildigini belledi.

Terrora garşy alnyp barylýan egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýdan Ýerlikaýa “Terror guramasynyň hinleri ýeke-ýekeden anyklanyp derbi-dagyn edildi” diýdi.



Degişli Habarlar