Prezident Erdogan Şwesiýanyň NATO agzalyk protokolyny tassyklady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Şwesiýanyň NATO agzalyk protokoly bilen baglanşykly Prezidentiň kararyna gol çekip, degişli protokoly tassyklady

2093714
Prezident Erdogan Şwesiýanyň NATO agzalyk protokolyny tassyklady

Kommunikasiýalar edarasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly TBMM-de kabul edilen kanunyň çap edilmegi barada karara geldi we Şwesiýanyň NATO agzalyk protokoly bilen baglanşykly Prezidentiň kararyna gol çekip, degişli protokoly tassyklady" diýip habar berildi. 

NATO-nyň düzümine Şwesiýa Şalygynyň gatnaşygy bilen baglanşykly protokolyň tassyklanmagy bilen bagly karar, Resmi gazetde çap edildi. 



Degişli Habarlar