Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar

Jewdet Ýylmaz paýtagt Kampalada, Türkiýäniň ilçihanasynda türk işewürleri bilen duşuşdy.

2090593
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar

Iş sapary bilen Uganda giden Wise-prezident Jewdet Ýylmaz düýn agşam paýtagt Kampalada, Türkiýäniň ilçihanasynda türk işewürleri bilen duşuşdy.

Jewdet Ýylmaz duşuşykda eden çykyşynda Türkiýe bilen Ugandanyň ýakyndan gatnaşyk edýändigi sebäpli paýtagt Kampalada geçirlen Arabaglanşyksyzlar hereketiniň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine myhman ýurt hökmünde çagyrlandygyny aýtdy.

Ugandaly ýolbaşçylara Prezident R. T. Erdoganyň salamyny ýetirendigini aýdan Ýylmaz, Prezident Erdoganyň 2016-njy ýylda Uganda guran saparyndan soň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň uly ösüş edendigini ýatlatdy.

Ýylmaz, “Işewürler esasan infstruktura pudagynda uly işleri amala aşyrypdyr. Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny has-da güýçlendireris. Daşary işler ministrligimiz maýa goýumlara goldaw berilmegi we amatly şertiň döredilmegi meselesiniň üstünde işleýär” diýdi.

Wise-prezident Ýylmaz, ýokary derejeli saparlar bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar