Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun Türkiyäniň astronawtly ilkinji älem giňişligi ýolagçylygy bilen baglanşykly: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýip belledi

2090754
Altun: "Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun sosial media hasabyndan aralarynda Türkiyäniň ilkinji älem giňişligi ýolagçysy Alper Gezerawjy bolan Ax-3 missiýasynyň ýolagçylygyna başlamagyndan soň, sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

Fahrettin Altun beýanatynda: "Ýurdumyzyň astronawtly ilkinji älem giňişligi ýolagçylygy başlady. Ýoluň açyk bolsun Alper Gezerawjy. Buýsan Türkiye, dowamy bolar" diýip habar berdi. 

Aralarynda Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy hem bolan SpaceX älem gämisi, ABŞ-nyň Kennedi älem merkezinden ýerli wagt bilen sagat 16:49-da üstünlik bilen uçuryldy. Älem gämisi uçurylanyndan 36 sagat soň Halkara Emeli hemra bekedine baryp ýeter. 



Degişli Habarlar