“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”

“Pakistan bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris, bu meselede öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”

2090440
“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Pakistan bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris, bu meselede öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”diýdi.

Resmi sapar bilen Iordaniýa giden Hakan Fidan, kärdeşi Aýman Safadi bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Pakistanly we eýranly kärdeşleri Žalil Abbasy Žilany we Hüseýin Emir Abdullahiýan bilen sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Fidan, sebitde täze dartgynlygyň başdan geçirilmezligine ünsi çekip, taraplara parasatlylyk çagyryşyny berendigini nygtady.

Žilany bilen Abdullahiýanyň hem telefon söhbetdeşliginde dartynlygyň möwjemegini isleýändiklerini beýan edendigini aýdan Hakan Fidan, “Pakistan bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegini islemeýäris, bu meselede öz üstümize düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”diýdi.

Eýranyň düýn ir ertir Pakistanda käbir ýerlere guran hüjüminden soň Pakistanyň hem şu gün irden Eýrana guran hüjümi iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp boldy.



Degişli Habarlar