Türkiyäniň Daşary işler ministri ýaponiýaly kärdeşi bilen gepleşikler geçirdi

Türkiye bilen Ýaponiýa Gaza zolagyna ynsanperwer kömegi meselesinde hyzmatdaşlyk etmek babatynda kartara geldiler

2089646
Türkiyäniň Daşary işler ministri ýaponiýaly kärdeşi bilen gepleşikler geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministr Hakan Fidan Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kamakiwa Ýoko bilen paýtagt Ankara şäherinde ministrlikde geçiren duşuşygyndan soň guralan metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Daşary işler ministr Hakan Fidan Türkiye bilen Ýaponiýanyň arasynda güýjüni taryhdan alýan çuňňur dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny aýtdy.

Türk-ýapon ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň şu ýyl işe başlamagyndan hoşaldyklaryny aýdan Hakan Fidan, iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bir elementi hökmünde şu ýyl ilkinji gezek geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkiye-Ýaponiýa Energetika forumy bilen baglanşykly taýarlyklaryny dowam etdirýändiklerini habar berdi. 

Syýahatçylyk ugrundaky hyzmatdaşlygy has hem çuňlaşdyrmagy isleýändiklerini aýdan Hakan Fidan, Türk Howa ýollary kärhanasynyň Tokio şäheri bilen birlikde Osaka şäherine uçar saparlaryna ýaňadandan başlandyklaryny we Ýapon howa ýollary kärhanalarynyň hem iň ýakyn wagtda Türkiyä uçar gatnawlaryny başlatmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Fidan, iki ýurduň arasynda goranyş pudagynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýandyklaryny aýtdy.

Hakan Fidan, ýapon kärdeşi bilen terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny we bu ugurda umumy tagallalary artdyrjakdyklaryny belledi. 

Gazadaky gyrgynçylygyň we Ukrainadaky uruşyň iň gysga wagtda bes edilmelidigini aýdan Hakan Fidan has köp bigünä adamlaryň ganlarynyň dökülmegine rugsat berilmeli däldigini beýan etdi. 

Hakan Fidan: "Ýakyn Gündogarda hemişelik parahatçylygy diňe iki döwletli çözgüt arkaly amala aşyryp boljakdygyna ynanýarys. Bu çözgüdiň diňe 1967-nji ýyldaky serhetlerine esaslanýan paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan, geografiki bitewiligi bolan garaşsyz we özygtyýarly Palestina döwletini döretmek bilen mümkindigi barada ylalaşdyk. Bu mesele boýunça hyzmatdaşlygymyzy Birleşen Milletler Guramasy bilen birlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn platformalarda dowam etdireris. Özleri bilen mundan başgada Gaza ynsanperwer kömek ugradylmagy babatynda hyzmatdaşlyk etmek meselesinde karara geldik" diýip habar berdi. 

Resmi sapar bilen Türkiyä gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kamikawa Ýoko Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hem kabul edilipdi. 

Prezidentiň kompleksinde metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşypdy. 



Degişli Habarlar