Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçileri kabul etdi

Paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda Indoneziýanyň, Wenesuelanyň we Kandanyň ilçileri Prezident Rejep Taýýip Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

2089945
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçileri kabul etdi
kanada buyukelcisi kevin david hamilton-erdogan-kabul.jpg
venezuela freddy eduardo molina gutierrez-erdogan-kabul.jpg
endonezya buyukelcisi achmad rizal purnama-erdogan-kabul.jpg

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Indoneziýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Rizal Purnamany, Wenesuelanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Freddy Eduardo Molina Gutierrezi we Kanadanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kewin Dewid Hamiltony kabul etdi. 

Paýtagt Ankara şäherinde Prezidentiň kompleksinde bolan duşuşykda Indoneziýanyň, Wenesuelanyň we Kandanyň ilçileri Prezident Rejep Taýýip Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar. 

Ilçiler duşuşykda maşgalalaryny we ilçihananyň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyrdylar. Erdogan ilçiler we ýanyndaky wekiliýet bilen ýadygärlik surata düşdi. 

Prezident Erdogan ondna soň Indoneziýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ahmad Rizal Purnamany, Wenesuelanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Freddy Eduardo Molina Gutierrezi we Kanadanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kewin Dewid Hamiltony aýry aýry kabul etdi. 



Degişli Habarlar