Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

PKK/ÝPG-a degişli 23 ýer nyşana alyndy.

2088516
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär

Milli Howpsuzlyk gullugy, Siriýada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a degişli 23 ýeri nyşana aldy.

Milli Howpsuzlyk gullugy, Yrakda howpsuzlyk güýçlerine garşy guralan hüjümden soň, Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a degişli harby gözegçilik merkezleri, energetika desgalary we ýarag ammarlary bilen birlikde birnäçe ýeri nyşana aldy.

Operasiýalarda, Siriýada ekstremist terror guramasyna degişli 5 desga, 3 gözegçilik merkezi, 8 harby merkez, 2 ýarag ammary, 2 logistiki merkez we tunel bilen birlikde jemi 23 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

 



Degişli Habarlar