Yragyň Demirgazygynda 9 Esger Şehit Boldy

Terrorçylar “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda girmäge synanşdy.

2088166
Yragyň Demirgazygynda 9 Esger Şehit Boldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 9 esger şehit boldy.

Terrorçylar “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda girmäge synanşdy.

Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 9 esger şehit boldy, 4 esger hem ýaralandy.

Ýaralanan esgerleriň bejergisi dowam edýär.

Hüjümiň yzy ýanynda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina, Hakurk, Gara, Kandil etrapçalaryna we Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy ýary gije howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde terrorçylar tarapyndan ulanylan gowaklardan, gaçybatalgalardan we nebit desgalaryndan ybarat 29 ýer hatardan çykaryldy.

Ilkinji kesgitlemere görä howa hüjüminde 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar