Türkiye, Pakistan we Saud Arabystany goranyş hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Pakistan, Türkiye we Saud Arabystany täze goranyş tehnologiýalaryny ösdürmekde has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýär

2086670
Türkiye, Pakistan we Saud Arabystany goranyş hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Pakistanyň Rawalpindi şäherinde geçirilen maslahatda taraplar goranyş hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meselesinde ylalaşyk gazandylar. 

Pakistan, Türkiye we Saud Arabystany goranyş pudagynda hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekde has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşyk gazandylar. Pakistanyň harby metbugat gullugy ISPR tarapyndan berilen beýanatda, 3 ýurduň harby wekilleriniň sişenbe güni Pakistanyň Rawalpindi şäherinde duşuşyk geçirendikleri mälim edildi. Beýanata görä üç taraplaýyn goranyş hyzmatdaşlygy platformasynyň ikinji maslahatynda goranyş tehnologiýalaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň üstünde durulyp geçildi. 

Beýanatda ähli taraplaryň "intellektual, tehniki, maliýe we adam resurslaryny birleşdirmegiň" möhümdigi nygtaldy, onuň "umumy maksatlara ýetmek" we "goranyş pudagynda garaşsyzlyk" gazanmak üçin zerurdygy bellenildi.

Beýanatda üç ýurduň arasyndaky "doganlyk gatnaşyklary" hem tassyklandy we hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň zerurlygy baradaky ylalaşygyň üstünde duruldy. 

Platformanyň 3-nji maslahatynyň, öňümizdäki aý Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçiriljek Bütindünýä Goranmak sergisinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Üç ýurduň arasyndaky ilkinji maslahat hem geçen ýylyň awgust aýynda Riýatda geçirilipdi.



Degişli Habarlar