Türkiyäniň Daşary işler ministri Gyrgyzystana sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan şu gün Gyrgyzystana sapar gurar

2085839
Türkiyäniň Daşary işler ministri Gyrgyzystana sapar gurar

Daşary işler ministri Hakan Fidan Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýewiň çakylygyna laýyklykda şu gün bu ýurda sapar gurar. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýewiň çakylygyna layklykda 2024-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Gyrgyz Respublikasyna sapar gurar. Geçiriljek gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ähli taraplaýyn ele alynmagy, mundan başgada sebitleýin wakalar we halkara meseleler babatynda pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar