Hakan Fidan Entoni Blinken bilen gepleşikler geçirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkene Türkiyäniň F-16 satyn almak tapgyryny netijelendirilmegine garaşýandygyny mälim etdi

2085171
Hakan Fidan Entoni Blinken bilen gepleşikler geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken düýn Stambul şäherindäki Wahdettin köşgünde geçiren duşuşyklary bilen bagly diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar giňişleýin häsýetde ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Ministr Hakan Fidan kärdeşine Türkiyäniň F-16 satyn almak tapgyryny netijelendirilmegine garaşýandygyny belläp, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry bilen baglanşykly gutarnykly kararynyň Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisine degişlidigini habar berdi. 

Iki ministr Gazada dowam edýän adamzat tragediýasynyň üstünde durup geçdiler. 

Ysraýylyň artýan hüjümleriniň bütin sebite howp ýetirýändigine ünsleri çeken Hakan Fidan, tiz wagtda ot açmazlyk barada ýaraşyk yglan edilip, Gaza arakesmesiz ynsanperwer kömegiň ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, iki döwletli çözgüt bilen bagly gepleşikleriň iň gysga wagtda başladylmagy barada çagyryş berdi. 

Hakan Fidan Türkiyäniň Gara deňizde dartgynlygyň başdan geçirilmegini islemeýändigini, Russiýada we Ukrainada öndürilen azyk önümleriniň howpsuz ýagdaýda dünýä bazarlaryna ýetirilmegi üçin Türkiyäniň edýän tagallalarynyň üstünde durup geçdi.

Duşuşykda şeýle hem Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gepleşikler bilen Siriýa we Yrak ýaly sebitleýin meseleler ele alyndy. 



Degişli Habarlar