Erdogan Dalaşgärleriň tanyşdyrylyş maslahatynda Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri barada beýanat berdi

Ýurduň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan Gazada has köp gan döküp, jan alyp, çaga öldürip abat boljakdyklaryny pikir edýänleriň iru-giç ylahy adalata sezewar galjakdyklaryny habar berdi

2085295
Erdogan Dalaşgärleriň tanyşdyrylyş maslahatynda Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri barada beýanat berdi

Stambuldaky Haliç kongres merkezinde partiýasynyň Dalaşgärleriniň tanyşdyrylyş maslahatynda çykyş eden Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümleriniň üstünde durup geçdi. 

"Ysraýylyň zorlugyna sezewar galan Gazaly doganlarymyz üçin ýüregimiziň paralanýan döwründediris" diýip aýdan Erdogan, Ysraýylyň wagşyçylykly hüjümlerinde şehit bolan 23 müň palestinaly üçin Alladan rahmet diledi. 

Prezident Erdogan: "Gazada has köp gan döküp, jan alyp, çaga öldürip abat boljakdyklaryny pikir edýänler iru-giç ylahy adalata sezewar galarlar. Biz hem şol tapgyrda zalymlaryň hukukyň öňünde hasap soralmagy üçin ähli tagallany ederis. Käbirleri isleýär diýip, ezilenlerden ýüz öwürmeris. Palestinaly doganlarymyzyň ýanynda dik durarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar