Fidan-Blinken Duşuşygy Başlady

Blinkeniň, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

2085101
Fidan-Blinken Duşuşygy Başlady

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşmak üçin Stambul şäherine geldi.

Fidan-Blinken duşuşygy Wahdettin köşgünde başlady.

Duşuşykdan soň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinkeniň, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň, özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Blinken, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleriniň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 4-nji gezek sebitde ýerleşýän ýurtlara sapar guraýar.

Sebit ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde ilki Stambula gelen Blinkeniň, Türkiýeden soň Gresiýa gitmegine garaşylýar.

Blinken, Gresiýadan soň Iordaniýada, Katarda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystanynda, Ysraýylda, Palestinada we Müsürde saparda bolar

 



Degişli Habarlar