Bir Hepdede 36 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorizme garşy geçirilýän operasiýalarda Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen bilelikde soňky bir hepde-de 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

2084291
Bir Hepdede 36 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli goranmak ministrliginiň hepdelik maglumatlandyryş ýygnagynda terrorizme garşy boýunça soňky görkeziciler beýan edildi.

Şuňa laýyklykda soňky bir hepdede 36 terrorçy, 2023-nci ýyl bilen bilelikde 2,237 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Yragyň demirgazygyndaky “Pence-Gulp” operasiýalarynda tasirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany bolsa 717.

Siriýanyň demirgazygynda soňky bir hepdede terrorçylar tarapyndan operasiýa zolaklaryna 30 hücüm guraldy. Şol hücümlere garşylyk görkezen Türk ýaragly güýçleri 27 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Şeýlelikde 2023-nci ýylyň 1-nci ýanwaryndan bäri diňe bir Siriýanyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1,529-a ýetdi.



Degişli Habarlar