Türkiye Eýrandaky terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Türkiye Eýranyň Kirman welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

2083984
Türkiye Eýrandaky terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Kirman welaýatynda guralan terrorçylykly hüjümiğ netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.  

Beýanatda: "Bu elhenç terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýarys, dostlukly we doganlyk Eýranyň halkyna we hökümetine gynanç, hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Eýranyň Kirman welaýatynda Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýjüniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň guburynyň ýerleşýän ýeriniň golaýynda bolan 2 aýry partlamada 95 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar