MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda ýola goýan razwedka torunyň saýasynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam edýär

2084226
MHG Yrakda möhüm operasiýa geçirdi

Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde Türkiyä garşy aksiýalar meýilleşdiren Eriş Berkswedan adyny ulanýan PKK/ÝPG-e agza Sadyk Şeýh Ahmetiň Süleýmaniýe şäheriniň Penjewin diýilýän ýeriniň obalyk ýerinde iş alyp barýandygyny anyklady. 

Milli Howpsuzlyk gullugy geçiren operasiýasy bilen terrorçy Sadyk Şeýh Ahmet täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terrorçy Sadyk Şeýh Ahmet uzak wagtdan bäri Siriýada guramanyň adyndan tapawutly wezipelerde iş alyp bardy. Ondan soň Yraga geçen terrorçy, soňky gezek bolsa PKK/ÝPG-niň Eýran-Yrak serhedinde ýerleşýän guramanyň ýokary derejeli agzalary bilen bilelikde hereket edýärdi. 



Degişli Habarlar