Hakan Fidan hakykaty öňe sürmekden hiç wagt çekinmejekdiklerini nygtady

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan hakykaty öňe sürmekden hiç wagt çekinmejekdiklerini nygtady

2082657
Hakan Fidan hakykaty öňe sürmekden hiç wagt çekinmejekdiklerini nygtady

Daşary işler ministri Hakan Fidan X sosial media hasabyndan paýlaşan Täze ýyl gutlagynda, Respublikanyň 100-nji ýylyny we Daşary işler ministrliginiň düýbüniň tutulmagynyň 500-nji ýylyny belläp geçendiklerini ýatlatdy. 

"Halkara ulgamyň näbellilikleriň we dünýä derejesinde durnuksyzlyklaryň bar bolan bu döwürde: Hormatly Prezidentimiziň liderliginde alyp barýan Türkiyä özboluşly garaşsyz daşary syýasat, ýurdumyzy halkara derejedäki wakalaryň gün tertibini kesgitleýän, tankydy geografiýalarda täsiri bolan möhüm aktýora öwürdi" diýip aýdan Hakan Fidan 2024-nji ýylda ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan rasional we täsirli daşary syýasatyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Hakan Fidan: "Milletimizden alýan güýjümiz bilen, global adalatsyzlyklara we ýalňyşlyklara garşy sesimizi gataltmakdan ýüz öwürmeris. Hakykaty öňe sürmekden asla çekinmeris. Türkiyäniň Asyry maksatnamamyzyň çäginde alyp barýan garaşsyz we milli daşary syýasatymyzyň çuňlugyny we ululygyny has hem artdyrarys" diýip belläp, şol maksatlaryň çäginde iş alyp barýan ministrligiň işgärlerine, dünýäniň dört künjeginde arman-ýadaman zähmet çekýän ähli döwlet işgärlerine minnetdarlyk bildirdi. 

Ýurduň öz içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary Täze ýyllary bilen gutlan Hakan Fidan, 2024-nji ýylyň Türkiyä, türk milletine we adamzada düşümli bolmagyny diledi. 



Degişli Habarlar