Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli howpsuzlyk guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň Kamyşly etrabyndaky hamala ýol başçysy diýilýän Eýmen Jolini geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.

2081732
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä MHG, terrorçy Joliniň guramanyň Siriýadaky ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biridigini anyklady.

Alynan jikme-jik maglumatlarlar bilen yzarlanan terrorçy, amatly şertleriň emele gelmeginden soň Kamyşlyda geçirilen üstünlikli operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Siriýaly terrorçynyň geçmişde serhet zolagyndaky howosuzlyk güýçlerine garşy aksiýalary gurandygy, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň guralan mahalynda howpsuzlyk güýçlerine garşy çaknyşyklara gatnaşandygy habar berildi.



Degişli Habarlar