Hakan Fidan ABŞ-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2081521
Hakan Fidan ABŞ-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň talabyna laýyklykda geçirilen telefon söhbetdeşliginde, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan TBMM-niň Daşary işler komissiýasynyň düýn kabul eden kakaryna laýyklykda Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly tapgyry TBMM-de dowam edýändigini habar berdi. 

Hakan Fidan F-16 satuwy bilen bagly bolsa ABŞ-nyň hökümediniň we ABŞ-nyň Kongresiniň ýaranlyk ruhuna laýyk ýagdaýda hereket etmelidigini we jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegine garaşýandyklaryny beýan etdi. 

Gazada başdan geçirilen soňky hadysalaryň hem ele alynan telefon söhbetdeşliginde Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Gazada iň gysga wagtda ot açmazlyk ýaraşygynyň yglan edilmeginiň we hemişelik parahatçylyk bilen bagly gepleşikleriň başaldylmagynyň zerurdygyny ýatlatdy. 

Telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Kirp meselesi hem gün tertibe getirildi. 



Degişli Habarlar