Altun Netanýahunyň Erdogan Hakyndaky Beýannamasyna Reaksiýa Bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň Prezident R.T.Erdogan hakyndaky beýanatyna reaksiýa bildirdi.

2081614
Altun Netanýahunyň Erdogan Hakyndaky Beýannamasyna Reaksiýa Bildirdi

Altun sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Netanýahunyň genosid hakynda geplejek soňky adamdygyny nygtap; “Netanýahu asuda ilata garşy eden harby jenaýatlaryny dünýä jemgyýetçiligine goranyş hökmünde kabul etdirmekde ussatlaşdy. Dünýä ony duruzyp bilmeýän hem bolsa, taryh ony harby jenaýatçy hökmünde sorag eder” diýip, ýazdy.

Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi hakynda geplejek soňky adamyň hem Netanýahudygyny nygtan Altun; “Terror guramasy PKK we onuň bölümlerine garşy 40 ýyldan gowrak wagt bäri göreşýäris. Netanýahu ýaly asuda ilaty we çagalary gyrýan PKK garşy kürt raýatlarymyz gönüden göreşdiler. Ahlak barada aýtjak soňky adam, Ysraýylyň Premýer-ministr Netanýahudyr. Terror operasiýalarynyň nähili geçiriljekdigi hakynda hiç kime akyl berip bilmez, sebäbi bu ugurda tejribesi ýok. Soňky 40 ýyldan bäri edýän zady palestinalylary ýurtlaryndan çykarmak. İndi bolsa Ysraýylyň goşunyndan peýdalanyp asuda ilaty öýlerinde, hassahanalarda we bosgun düşelgelerinde öldürip, ony ýokary çäge göterdi. Netanýahu ünsleri harby jenaýatlaryndan sowmak üçin Hormatly Prezidentimiz Erdogany garalap, hiç kimi aldadyp bilmez” diýip, ýazdy.

Dünýäniň basylyp alynan Palestinada nämeleriň bolýandygyny görýändigini nygtan Altun, Netanýahunyň asuda ilaty öldürip we söweşiň gerimini giňeldip, syýasy kariýerasyny halas etme synanşygynyň netijesizlige mejburdygyny nygtady.



Degişli Habarlar