“Zulumyň Öňünde Dymýan Dilsiz Şeýtanlardan Bolmarys”

Prezident Erdogan, Mehmet Akif Ersoýa bagyşlanyp paýtagt Ankarada geçirlen hatyralama çäresine gatnaşdy.

2080703
“Zulumyň Öňünde Dymýan Dilsiz Şeýtanlardan Bolmarys”

Prezident R. T. Erdogan, zulumyň öňünde dymýan dilsiz şeýtanlardan bolmajakdyklaryny nygtap, Gazanyň başda durmagynda gyrgyna berlen, zulum gören we basyş edilen ynsanlara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Döwlet senasyny ýazan şahyr Mehmet Akif Ersoýa bagyşlanyp paýtagt Ankarada geçirlen hatyralama çäresine gatnaşdy.

Erdogan, 7-nji oktýabrdan bäri Gazada dowam edýän Ysraýylyň wagşyçylygyna “Saý Stop” diýmek bilen garşylyk görkezen ýaşlary ýene-de bir gezek gutlady.

Zulumyň öňünde dymýan dilsiz şeýtanlardan bolmajakdyklaryny nygtan Erdogan, Gazanyň başda durmagynda gyrgyna berlen, zulum gören we basyş edilen ynsanlara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Terrora garşy alnyp barylýan göreş barada hem durup geçen Prezident Erdogan, “Terrora garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris” diýdi.

Çykyşynda jebislik we bitewilik ýüzlenmesini beren Prezident Erdogan “Türkiýe biziň watanymyzdyr. Biz türki bilen, kürdi bilen, sünnüsi we alewisi bilen 85 millionlyk ilatymyz bilen şol bir keçäniň nagyşlary” diýip belledi.



Degişli Habarlar