Erdogan Howa Menziliniň Gonalgasyny Açdy

Prezident R.T.Erdogan Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menzilinde täze gonalganyň ulanmaga berilmegi bilen ýylda 85 milliondan gowrak ýolagçynyň gatnatmaga ukyply bolcakdygyny aýtdy.

2080584
Erdogan Howa Menziliniň Gonalgasyny Açdy

Prezident Erdogan Stambulda Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň 2-nci gonalgasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

Erdogan Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň Türkiýede Stambul we Antalýa howa menzillerinden soň ýolagçy gatnawy taýdan üçünci orunda durýandygyny beýan etdi.

“Howa menzillerimiz 2021-nci ýylda içerki we halkara gatnawlarda 181 müň uçuş bilen 25 million ýolagçyny kabul etdi. 2022-nci ýylda şol san 31 million ýolagça ýetdi” diýen Erdogan; “Sabiha Gökçen Halkara howa menzili täze gonalganyň ulanmaga berilmeginden soň ýylda 85 milliondan gowrak ýolagçy kabul etme ukybyna eýe bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar