Türkiye Çehiýa gynanç bildirdi

Türkiye Pragadaky ýaragly hüjüm sebäpli Çehiýa gynanç bildirdi

2079723
Türkiye Çehiýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli, Çehiýanyň paýtagty Praga şäheriniň merkezindäki Karls uniwersitetiniň Pelsepe fakultetinde guralan we 15-den gowrak adamyň ýogalan hüjüm bilen baglanşykly gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Önjü Keçeli X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Praga şäherinde guralan ýaragly hüjümiň netijesinde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we Çehiýanyň halkyna gynanç bildirýäris" diýip habar berdi. 

Bar bolan häzirki maglumatlara görä wakada zyýan çeken türk raýatlarynyň bolmandygyny aýdan Önjü Keçeli, Türkiyäniň Praga şäherindäki ilçihanasynyň Çehiýanyň resmileri bilen aragatnaşyk içindedigini mälim etdi. 

Önjü Keçeli kömege mätäç bolan türk raýatlary üçin ilçihananyň we konsullygyň çagyryş merekziniň aragatnaşyk belgilerini paýlaşdy. 

Praga şäheriniň merkezindäki Karls uniwersitetiniň Pelsepe fakultetindäki ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 15-den gowrak adam ýogaldy, 25 adam hem ýaralandy. 



Degişli Habarlar