Türkiýe Batareýa Önümçilik Ukybyny Artdyrmak Isleýär

Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr Türkiýede batareýa önümçilik ukybny ýokarlandyrmak isleýändiklerini aýtdy.

2079403
Türkiýe Batareýa Önümçilik Ukybyny Artdyrmak Isleýär

Ministrlikden berilen beýannama göra ministr Kajyr Hytaýyň Ženžiang şäherinde ýerleşýän batareýa öndürijisi “Farasis Energynyň” desgalaryna baryp gördi.

“Togg” we “Farasis Energy” hyzmatdaşlygynda energiýa ammarlaýyş çözgütlerini kämilleşdirmek üçin Siro Silk Road Sap Energiýa Ammarlaýyş Tehnologiýalarynyň Bursanyň Gemlik etrabynda guruljakdygyny ýatladan Kajyr, “Togguň” “Farasis Energy” bilen batareýa önümçiligini gysga möhletde iş ýüzüne geçirmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.

Türkiýäniň elektromobiller boýunça önümçilik merkezine öwrülmegi üçin bataterýa önümçiliginde-de merkeze öwrülmeginiň möhümdigini nygtan Kajyr; “Biziň arzuwymyz “Farasis” ýaly ençeme maýadaryň gelejekde Türkiýä gelmegi we Türkiýede batareýa önümçilik ukybymyzy çaltlyk bilen ýokarlandyrmak” diýdi.

 



Degişli Habarlar