Prezident Erdogan serbiýaly we müsürli kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we Müsüriň Prezidenti Abdülfettah as-Sisi bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeş boldy

2079076
Prezident Erdogan serbiýaly we müsürli kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
erdogan-sisi.jpg

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Wuçiç bilen geçren telefon söhbetdeşliginde Serbiýanyň liderini saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady. 

Telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Serbiýa gatnaşyklary, global we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan täze döwürde-de iki ýurduň arasyndaky güýçli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň özgerip dowam etjekdigini beýan etdi. 

Erdogan-Sisi telefon söhbetdeşliginde bolsa Ysraýylyň Palestina degişli topraklara guraýan hüjümleri we Gaza ynsanperwer kömekleriň ugradylmagy bilen bagly tagallalar ele alyndy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Yslam ýurtlarynyň hemişelik ýaraşygy ýola goýmak üçin başladylan işleri agzybirlik bilen dowam etdirmegiň ähmiýetini belledi. 

Telefon söhbetdeşliginde ýaňadandan Müsüriň Prezidenti wezipesine saýlanan Sisä üstünlikler arzuw eden Prezident Erdogan täze eýýamyň Türkiye-Müsür gatnaşyklary taýdan peýdaly boljakdygyna umyt bildirdi.



Degişli Habarlar