Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Milli howpsuzlyk guramasy terror guramasy DEAŞ-yň Damaskdaky dolanşykdan we maliýe işlerinden cogapkari diýilýän Huzeýfe El Murini Mersin welaýatynda geçiren operasiýasynda ele saldy.

2078609
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä çaknyşyk zolaklaryndaky guramanyň agzalaryna maliýe kömeklerini utgaşdyrýandygy anyklanan DEAŞ-yň Damaskdaky dolanşykdan we maliýe işlerinden cogapkari diýilýän “Eýýüp” kodly Huzeýfe Mura garşy operasiýa geçirildi.

Muri, Milli howpsuzly guramasynyň we İçeri işler Baş müdirliginiň bilelikdäki operasiýasynda Mersin welaýatynda ele salyndy.

Operasiýada gurama degişli 28,800 Amerikan dollary, 14,950 ýewro, 31,800 lira we köp sanly digital material ele salyndy, terror guramasy DEAŞ-yň pul geçirmekde peýdalanýan mobil tilsimatlar hem anyklandy.

Huzeýfe El Muriniň düşündirişinde guramanyň hataryna goşulyşy, Siriýadaky we Türkiýedäki işleri, DEAŞ terrorçylaryndan aragatnaşyk saklaýanlary we pul geçirme işler hakynda giňişleýin maglumat berendigi öwrenildi.



Degişli Habarlar