Ysraýylyň Gazadaky Wagşyçylygynyň Bes Edilmegi Üçin Ýokary Tagalla Edýäris

Prezident R.T.Erdogan Wengriýanyň Premýer-ministr Wiktor Orban Bilen Budapeştde geçiren bilelikdäki mertbugat ýygnagynda çykyş etdi.

2078096
Ysraýylyň Gazadaky Wagşyçylygynyň Bes Edilmegi Üçin Ýokary Tagalla Edýäris

Gazadaky soňky ýagdaý hakynda durup geçen Erdogan; “Gazada bolsa Ysraýylyň wagşyçylygynyň dessine bes edilmegi üçin elimizden geleni edýäris. Hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we çaknyşyklaryň duruzylmagy üçin Türkiýe ilkinji günden bäri ýokary diplomatik tagalla edýär” diýdi.

Halkara jemgyýetçiligini hem jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyran Erdogan garaşsyz, özygtyýarly we territorial bitewiligi üpjün edilen Palestina döwletiniň gurulmagynyň gutulgysyzdygyny beýan etdi.

Russiýa Ukraina söweşine hem ünsi çeken Erdogan çaknyşygyň çözgüt bolmajakdygyny aýtdy.

Erdogan; “Ukrainada diplomatik çözgüde esaslanýan işleriň ileri tutulmalydygynyny başyndan bäri beýan edip gelýäris. Türkiýe eger taraplar talap bildiren halatynda ýarym galan Stambul tapgyryny gaýtadan dikeltmäge taýýar” diýdi.

Erdogan şertnamalar arkaly Türkiýe bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklary hasam güýçlendirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdi we Wengriýa bilen Bilelikdäki söwda toparyny döredendiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan; “Ýylyň 11 aýynda söwda mukdarymyzy 4 milliard dolara ýakynlaşdyrdyk. Biz 6 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýetmekde ygrarly” diýdi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bolsa ÝB bilen wyza erkinligi boýunça Türkiýäni goldaýandyklaryny beýan etdi.

Prezident Erdoganyň geljek asyr üçin uly taslamany iler sürendigini beýan eden Orban; “Geljek asyr siziňki bolar. Biz oňa ynandyk we şonuň üçin hem şu şertnamalary baglaşdyk” diýdi.

Bilelikdäki metbugat ýygnagyndan öň Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda 16 ylalaşyga gol çekişildi.



Degişli Habarlar