Prezident Erdogan Wengriýa saparyndan soň beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) dünýäniň çar tarapyndan artýan "Gazadaky atyşygy bes etmek" baradaky çagyryşa gulak asmazlygy bes etmelidigini aýtdy

2078434
Prezident Erdogan Wengriýa saparyndan soň beýannama berdi

Prezident Erdogan Wengriýa saparyndan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi. 

Geçirýän ähli duşuşyklarynda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän ynsanperwer pajyganyň üstünde durup geçýändigini aýdan Prezident Erdogan, Wengriýa saparynda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy we ynsanperwer kömekleriň dowam etmegi babatynda edip boljaklary ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Ysraýylyň gyrgynçylyklary dowam edýärkä Dünýä derejesinde Gazada ot açmazlyk ýaraşygynyň ýola goýulmagy baradaky çagyryşlaryň artýandygyna ünsleri çeken Prezident Erdogan: "ABŞ indi şol çagyryşlara gulak asmazlygyny bes etmelidir. Ysraýyl diňe palestinalylary, Gazany däl, eýsem adamzady nyşana alýar. Taryh muňa dymýanlary höküm eder we ýazgarar" diýip belledi. 

Wezipesinden çekilip giden halatynda hem Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahuny azat bolup bilmejekdigini aýdan Prezident Erdogan: "Ezilenleriň jogabyny almak üçin kanuny esasda yzarlarys. Diňe Netanýahu däl, bu genoside gatnaşanlaryň hemmesi kanunyň öňünde eden harby jenaýatlary üçin jogapkärçilik çeker" diýip habar berdi. 

Ysraýylda hem Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümede garşy sesleriň çykmaga başlandygyny aýdan Erdogan, zamunlaryň Ysraýyl tarapyndan öldürilmeginiň reaksiýanyň güýjüni artdyrandygyny beýan etdi. 

Russiýa-Ukraina krizisinde hem Galla geçelgesiniň ýaňadandan işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdan Prezident Erdogan: "Ýakyn wagtda Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirip, Galla geçelgesini işletmek üçin elimizden gelenini edeliň diýeris. Nesip bolsa ondan hem oňyn jogaplar alyp, ýolumyzy dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar