Prezident Erdogan, Wenger Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Iki lideriň duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

2077974
Prezident Erdogan, Wenger Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň myhmany hökmünde resmi sapar bilen Wengriýa giden Prezident R. T. Erdogan Budapeşte bardy.

Prezident Erdogan Wenger rärdeşi Katalin Nowak bilen duşuşdy.

Iki lideriň duşuşygy metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Erdogan duşuşykdan soň Karmelite manastyrynda geçiriljek Türkiýe-Wengriýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşar.

Erdogan maslahatyň öňüsyrasynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, goranyş senagaty, medeniýet we energetika ýaly ugurlarda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 16 şertnama gol çekişilmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar