Prezident Erdogan: "Ysraýyl indi ýalňyzlyga tarap barýar" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ysraýyl indi ýalňyzlyga tarap barýar" diýdi

2077200
Prezident Erdogan: "Ysraýyl indi ýalňyzlyga tarap barýar" diýdi

Prezident Erdogan Stambulda eden çykyşynda: "Ysraýyldan ýagşy niýet garaşmakdan öte, dünýäniň Ysraýyla nähili garaýandygyny görmegimiz gerek" diýip belläp: "BMG-nyň Baş Assambleýasyny ýadyňyza salyň, ilki bilen dünýäniň 121 ýurdy Ysraýyla garşy boldy, şol 121 ýurt biziň bilen bilelikde hereket etdi. 40 ýurt ses bermekden saklandy, 10 ýurt Ysraýylyň ýanynda durdy. Emma şu wagt ýagdaý üýtgedi. Ysraýyl indi ýalňyzlyga tarap barýar. Ysraýylyň ýalňyzlygy has hem artar" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan düýn ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren telefon söhbetdeşligi bilen baglanşykly: "Bilişiziň ýaly düýn agşam Baýden bilen giň gerimli söhbetdeşlik geçirdik we şol söhbetdeşligiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugry F-16 bilen soňky hadysalar boldy. F-16 meselesi bilen bagly Baýden özüniň meselä oňyn garaýandygyny we onuň bilen baglanşykly kongrese her dürli teklip hödürlemäge taýardygyny aýdýar. Esasan hem Şwesiýa meselesindäki çemeleşmämiz biziň parlamentimiziň berjek karara ähmiýet berýändiklerini aýtdylar. Biz hem Şwesiýa babatynda dogruçyl çemeleşme içindedigimizi, diňe terror bilen baglanşykly çemeleşmelerini gözegçilik astyna alsalar bolýandygyny, ondan daşary biz Mejlis babatynda häzirki wagtda komissiýadan geçendigini aýtdyk" diýip habar berdi. 

Jo Baýden bilen Gaza meselesini hem ele alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Gazadaky wakalarda 18 müňden gowrak çaga, zenan we ýaşuly adam ýogaldy. Mekdepler, metjitler we olar bilen birlikde buthanalar ýumruldy. Onuň öňüni alman halatyňyzda, elbetde adamzat jenaýaty bar. Biziň bu ýerde elimiz bagly durup bilmeris. Elimizden gelenini etmäge dowam ederis" diýip belledi. 



Degişli Habarlar