Erdogan Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2076818
Erdogan Baýden Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri, Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary, Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyry bilen global we sebitleýin meseleler seljerildi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Gazada başdan geçirilýän gumanitar pajyganyň dessine öňüniň alynmalydygyny, ABŞ-nyň Ysraýyla berýan şertsiz goldawyny yzyna çekmeginiň hüjümleriň bes edilmegini ýola goýup biljekdigini, hem dünýä hem-de Amerikan jemgyýetçiliginiň bu talaby soňky günlerde giňden beýan edýandigini we sebitde dessine durnukly ylalaşygyň gazanylmagynyň ABŞ-nyň taryhy jogapkärçiligi bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Ysraýylyň hüjümleriniň çuňlaşmagynyň we uzaga çekmegişniň sebitleýin hem-de global derejede ýaramaz netijeleriniň boljakdygyny, Türkiýäniň teklip eden hemaýatkärlik mehanizminiň döredilmeginiň, berilen sözlerde durulmagynyň we 1967-nji ýyldaky serhetleriň esasynda garaşsyz, özygtyýarly, territorial bitewiligi eýe, paýtagty Iýerusalim bolan Palestina döwletiniň döredilmeginiň iň ýerlikli we durnukly çözgüt boljakdygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan bilen Baýdeniň telefon söhbetdeşliginde Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satuwy hakynda hem pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar