Türkiýe Liwiýada Jebislik, Doganlyk we Syýasy Durnuklylyk Isleýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Liwiýada agzybirlik, jebislik, doganlyk, syýasy durnuklylyk isleýändiklerini aýtdy.

2076486
Türkiýe Liwiýada Jebislik, Doganlyk we Syýasy Durnuklylyk Isleýär

Numan Kurtulmuş düýn Liwiýanyň Wekiller Mejlisiniň Başlygy Akile Salih bilen Ankarada duşuşdy.

Kurtulmuş we Salih özara duşuşykdan soň toparara maslahata ýolbaşçylyk etdiler.

TBMM-niň Başlygy Kurtumuş ol ýerde sözlän sözünde; “Liwiýada agzybirlik, jebislik, doganlyk görmek isleýäris, syýasy durnuklylyk isleýäris. Syýasy durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin bolsa Türkiýe ähli mümkinçilikleri bilen Liwiýanyň halkynyň ýanynda bolar. Şuny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin” diýdi.

Numan Kurtulmuş Türkiýäniň Liwiýada esasan syýasy durnuklylygyň ýola goýulmagyny we şonuň bilen bilelikde abadançylygyň, ykdysady ösüşiň gysga möhletde hasam ösmegini isleýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar