Türkiýe Güýç we Durnuklylyk Adasyna Öwrüldi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýaniň güýç we durnuklylyk adasydygyny aýtdy.

2076707
Türkiýe Güýç we Durnuklylyk Adasyna Öwrüldi

Altun Ankarada Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllyk Digital tejribe sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Altun “Türkiýe asyry” strategiýasyny we onuň geljege täsirleri taýdan möhüm işleriň bu sergide anyk eserleriň sergilenmegi arkaly görülip bilinjekdigini aýtdy.

“Türkiýe asyry” strategiýasy iş ýüzüne geçdigi saýyn, bu döwletiň nähili beýik we güýçli döwletdigini bütin dünýäniň görjekdigini nygtan Altun; “Biz şuny açyk-aýdyň we anyk aýdýarys. Beýik we güýçli Türkiýe hem sebitleýin parahatçylyk üçin hem-de dünýä parahatçylygy üçin hökmanydyr. Beýik we güýçli Türkiýe dünýä parahatçylygynyň global parahatçylygyň kepillendirijisidir” diýdi.

Sergi 20-nji dekabra çenli açyk bolar.



Degişli Habarlar